Nusgalyk kitaplardan peýdalanmak
Bilim işi bilen okuwçylaryň terbiýesine üns berilmegi hökmany ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Mugallymlar ähli dersleriň watançylyk, edep-terbiýe bilen bagly pursatlaryna aýratyn üns berýärler. Terbiýeçilik sagatlarynda hem mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ulyny sylamak, kiçini, ene-atany söýmek ýaly milli gymmatlyklarymyzy hormatlamak bilen bagly temalar geçilýär. Bular boýunça ýolbaşçylyk edýän ýokary synp okuwçylarym bilen terbiýeçilik sagatlarymyň gyzykly we netijeli bolmagy üçin okuwçylara ýörite ýumuşlary tabşyrýaryn. Olar sapakda watançylyk temasy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan okan tymsallaryny, rowaýatlaryny gürrüň berýärler. Olaryň many-mazmuny boýunça sowal-jogap pursatlaryny guraýaryn. Ata-babalarymyzyň merdanalyk häsiýetleri barada okuwçylar öz pikirlerini aýdýarlar. Soňky sapaklarda hem okuwçylar bellenilen temalar esasynda özbaşdak eserleri, kitaplary okamagy endik edinýärler. Sapakdan soňra okalan eserler boýunça okuwçylar bilen aýratynlykda pikir alyşýarys. Şeýle ýagdaý okuwçylarda kitap okamaga bolan höwesi we özbaşdak pikirlenmäni, döredijilige bolan ukyplaryny has hem kämilleşdirýär.