Bu günki günde türkmen-owgan gatnaşyklary taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan hoşmeýilli goňşuçylyk däpleri bilen ykdysady ýa-da medeni hyzmatdaşlygyň çäginden has giňeldi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem giň gerime eýe bolýar. Ýakynda goňşy ýurduň Hyrat welaýatyna wekilçilik edýän, Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän futzal toparynyň ýurdumyza dostluk sapary bilen gelmegi bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi.
Bir hepdelik saparyň dowamynda myhmanlar Aşgabat we Mary şäherlerine gezelençleri guradylar hem-de türkmen toparlarynyň birnäçesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler. Paýtagtymyzda barlyp görlen ýerleriň hatarynda Döwlet medeniýet merkezi, Türkmen halysynyň milli muzeýi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we beýlekiler bar. Mary welaýatynda bolsa olar «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.