Nebit senagatynda işler talabalaýyk amala aşyrylýar

4 Noýabr 2024
469

Türkmenistan dünýäde nebitiň we gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, biziň ähli sebitlerimiz diýen ýaly gazylyp alynýan tebigy baýlyklara baýdyr. Bu babatda günbatar sebitimiz «gara altynyň» gory boýunça aýratyn tapawutlanýar. Şol sanda, nebit ölçeginde Hazaryň türkmen bölegine degişli kenar ýakasynda hem uglewodorodlaryň uly gorlary jemlenendir. Gazylyp çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmak «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Konsern ýataklaryň otuzdan gowragynda nebit işlerini geçirip, olar dürli tapgyrlarda alnyp barylýar. Şol ýataklaryň ýokary netijeli işlenip taýýarlanylmagy olaryň geologiýa gurluşynyň aýratynlyklaryny doly nazara almak bilen şertlendirilýär.

Bu wezipeleri çözmek üçin konsern işiniň ähli ugurlary boýunça täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak bilen, önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýar. Konsern guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlarda kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Baýmyrat BALAKAÝEW,
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň 7-nji ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory.
Beýleki habarlar