“Açyk gapylar” güni geçirildi

4 Noýabr 2024
331

Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny, öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek maksady bilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda Duşak şäherçesinde ýerleşýän 27-nji orta mekdepde geçirilen “Açyk gapylar” güni hem şeýle çäreleriň biri boldy.

“Açyk gapylar” gününe welaýatymyzyň ähli etraplarynyň bilim-terbiýeçilik edaralaryndan myhmanlar gatnaşdylar. Mekdebiň ähli synplarynda ýylyň şygary bilen baglanyşykly göreldeli okuw sapaklary geçirildi. Mundan başga-da sapakdan daşary mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen, rus, iňlis dilleri boýunça aýdym-sazly dabara geçirildi. Onuň barşynda türkmen edebiýatynyň şamçyragy, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň aýdym edilip aýdylmagy, şeýle-de labyzly okalmagy myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar