Sport — rowaçlyklara badalga

4 Noýabr 2024
276

Niçikmi, her gezek Saglyk ýolunyň menzillerini külterläp, tekiz ýere aýak basaňsoň, bir yzyňa gaňrylyp, geçen ýollaryňa nazar aýlarsyň. Ine, şonda kalbyňa täsin duýgular dolar: yzda galan menzilleri özüň üçin kiçijik hem bolsa üstünlik hasaplarsyň. Adam eli bilen gurlan hem bolsa, Saglyk ýolunyň beýikli-pesli menzilleri güýjüňi-gaýratyňy ýeterlik synaga salýar. Bu menzilleriň gyşyň aňzagynda geçseňem, burçak-burçak der berip, eşigiňi ýeňledesiň geliberýän ýerleri seýrek däl. 8 kilometrlik ýoly geçip, ýere aýak basarsyňam welin, goja Köpetdagyň özem ýeňsäňden dag howasy bilen sypap, «Berekella!» diýip, arkaňa kakýana çalymdaş.

«Berekella!». Öňňin bu söz Saglyk ýolunyň eteginde, gör, näçe gezek ýaňlandyka?! BMG ýaly iň uly we iň abraýly gurama nobatdaky teklibini ykrar etdiren, şeýdibem, täze bir sport baýramçylygynyň — Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň ýola goýulmagyny gazanan ýurdumyz noýabryň ikinji gününde belent ykrarnamanyň we sportuň şanyna toý tutdy. Şol toýda-da halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bilen şanyna şan goşan perzentlerini sylaglady. Şol pursatlarda dabara gatnaşyjylaryň, bu pursatlar agşamlyk teleýaýlymlarda görkezilende bolsa ähli ildeşlerimiziň dilinde müňlerçe gezek: «Berekella!» sözi ýaňlandy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar