Paýhas oýnunyň ýaş ussady

4 Noýabr 2024
236

Sport — bedeniň terbiýesi, ýöne onuň käbir görnüşleri diňe bir bedeniňi däl, eýsem, paýhasyňy hem kämillige ugrukdyrýar. Şeýle häsiýetli oýunlaryň biri-de küştdür. Gözbaşyny uzak taryhdan alyp gaýdýan küşt bu gün sport dünýäsiniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň sport abraýynda-da küşt oýnunyň orny aýratyn. Şonuň netijesinde türkmen küştçüleri hem geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda we olimpiadalarda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Mysal hökmünde küştçülerimiziň ýakynda gazanan üstünligini, ýagny Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen nobatdaky Bütindünýä küşt olimpiadasynda birinjiligi gazanandygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda ýeňişleriň ýarany bolan ýaş küştçimiz Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Eneş Arazmedowanyň adyny agzamak biz üçin has-da ýakymly boldy.

Eneşiň öz gürrüň bermegine görä, onuň küşt oýnamaga bolan höwesi başlangyç synpda döräpdir. Yhlasynyň aňyrdanlygyny duýan maşgalasy bolsa 9 ýaşly Eneşe goldaw hökmünde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebini saýlapdyrlar. Küşt çöplerini emel bilen tutup, akylly hereket edýän ýaş gyzjagazyň oýna bolan höwesiniň ýöne bir gyzyklanma däl-de, geljegi parlak küştçi bolmaga döwtalap türgendigini mekdebiň ussat tälimçileri wagtynda aňypdyr. Şonuň netijesinde Eneş ilkinji ädimlerinden başlap, dowamly üstünlik gazanmagy başarypdyr. Onuň küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän Aşgabat şäheriniň çempionatynda mydama öňdeligi eýeläp gelendigini Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan yzygiderli gowşurylan Hormat hatlarynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

«Güneş».
Beýleki habarlar