Mälim bolşy ýaly, 2-nji noýabrda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu dabaraly çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Saglyk ýolunda geçirilen köpçülikleýin ýöriş aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuna beslendi. Bu çäre Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.