Milli sport ösüş ýolunda

2 Noýabr 2024
271

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän sport syýasaty milli sportumyzyň dünýä çykmagynda möhüm orny eýeleýär.

Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän dünýä hem yklym çempionatlary Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygyny görkezýär. Şeýle sport baýramçylyklaryny geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatyň beýanydyr. Çünki Watanymyzyň sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşlerini emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, Diýarymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Aýsoltan WEÝISGELDIÝEWA,
TDB we SI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar