Döwrebap tejribeleri özleşdirip

2 Noýabr 2024
276

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerinde gurluşyk we senagat toplumyna-da uly orun degişli. Şundan ugur alnyp, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de ýurtda alnyp barylýan gurluşyklar, ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur bolan dürli önümleri öndürmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi.

Ministrligiň düzümine önümçilik kärhanalarynyň 30-a golaýy girýär. Olar sement, magdan däl materiallaryň, demir, polimer önümleriň, aýna we aýna önümleriniň, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleriniň, elektron we maşyngurluşyk enjamlarynyň, diwara örtülýän materiallaryň, keramzit, kaolin, gips, gazbeton we izogam önümleriniň hem-de beýleki materiallaryň önümçiligi bilen meşgullanýarlar.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar