Özbegistanyň Medeni mirasy öwrenmek, gorap saklamak we ýaýratmak boýunça bütindünýä jemgyýeti tarapyndan 2024-nji ýylyň 23 — 26-njy awgusty aralygynda Samarkant şäherinde «Beýik ata-babalarymyzyň mirasy — Üçünji Galkynyş döwrüniň binýady» atly VIII halkara kongres geçirildi. Bu taslamanyň çäginde Özbegistanyň medeni mirasyna degişli dünýä muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklar barada uly möçberli, ýokary hilli kitap-albomy yzygiderli çap edilýär. Kongresiň dowamynda dürli ýurtlaryň muzeýleriniň bilelikde neşir eden 10 jiltli kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Olaryň bir jildi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleriniň özbek kärdeşleri bilen bilelikde işlemeginde çapa taýýarlanyp, «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň toplamasy» diýlip atlandyrylýar. Bu kitapda Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan özbek zergärçilik eserleri hem-de lybaslary barada giňişleýin maglumat berilýär.
Özbegistanyň Medeni mirasy öwrenmek, gorap saklamak we ýaýratmak boýunça bütindünýä jemgyýeti tarapyndan çap edilen kitaplaryň ýene bir jildi Daniýanyň Milli muzeýi bilen bilelikde neşir edilen kitapdyr. Bu kitapda daniýaly ýaş serkerde Ole Olufseniň 1896-njy we 1899-njy ýyllarda Merkezi Aziýa bolan iki sany ekspedisiýasy barada gürrüň edilýär. Ol öz ekspedisiýasy bilen Zakaspiý demir ýolunyň «Uzynada» stansiýasyndan başlap, Samarkanda çenli geçýär. Bu aralygy geçmek üçin olara imperatorlaryň ýöriteleşdirilen wagony ulanmaga berlipdir. Soňra olar ýollaryny paýtunlarda dowam edip, Buhara emirliginiň üsti bilen Oş şäherine çenli barypdyrlar. Ol şäherden Pamir daglaryna atly çykypdyrlar. Ikinji ekspedisiýanyň ýoly Buharadan Çärjewe (häzirki Türkmenabat) çenli bolup, soňra gämide Amyderýanyň üsti bilen Hywa çenli barypdyrlar. Ekspedisiýanyň maksady Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýetini, taryhyny, haýwanat we ösümlik dünýäsini, howa şertlerini öwrenmekden, Kopengagen muzeýi üçin etnografik gymmatlyklary hem-de maglumatlary toplamakdan ybarat bolupdyr.