Nämeden başlajagymy bilemok-da. Käte bir zady gürrüň bermekçi bolanyňyzda sizde-de şeýle ahwalatlar bolýandyr-la?! Menem adam-a! Ýa ilkinji söýgä uçran gögele kimin tolgunaýýarmykam? Ýok-la, men indi dünýä täze alan äýnegim bilen seredýän ahyryn. Gözleri goramak gerek.
Şol gün äýnek alynmadyk bolsam, galan ömrümi nähili ýaşardym?! Aslynda, äýnek gözleriňi gizlemek üçin geregem-le. Satyjy dogry aýdýar. 20 manatlyk äýnekden 80 manatlyk äýnegiň ähmiýeti uly eken. Puluma gysganç däldigimem bir gowy zat. Belki, hakykatdan-da, ejemiň aýdyşy ýaly, biraz sowajaňdyrynam, ýöne şol gezeg-ä pulumy has ähmiýetli zada harçladym.