Mekdeplerde halyçylyk sungaty

30 Oktýabr 2024
257

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ýokary ahlakly, sowatly, giň dünýägaraýyşly, hünärli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin mugallymlar we bilim işgärleri irginsiz zähmet çekýärler. Muny Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde alnyp barylýan işler aýdyň mysaldyr. «Akylly» şäheriň orta mekdeplerinde okuwdan daşary ýörite gurnaklar hereket edýär. Şolaryň biri hem okuwçy gyzlara hünär öwredýän haly gurnagydyr.

Bu gurnaga gatnaýan okuwçy gyzlara ýörite hünär otagynda, ilki bilen, zähmet howpsuzlyk düzgünlerini düşündirýäris. Şeýle-de haly gurallary bolan synny, gaýçy, keser, dokma darak bilen tanyşdyrýarys. Sapakda haly dokamakda gurallaryň ulanylyş düzgünleriniň berjaý edilişi barada öwredilýär.

Gülbahar GURBANGELDIÝEWA,
Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar