Mahal-mahal tebigata çykyp, dünýewi pikirler bilen darkaş gurmak meniň ömürlik endigime öwrülipdir. Pikirler köplenç dünýä, tebigat, söýgi, ene hakda bolýardy. Ynha, bu gün hem köneki tanyş düşelgede aýak çekdim, harsaň daşyň üstünde çöküp, müň öwrümli dünýä hakda pikir-oýlara batdym. Kalbymda bolsa «Söý meni, dünýä!» diýen jümleler şol ýaňlandy durdy. Elbetde, köňül ýazgylary dünýä bilen özara hyýaly söhbetdeşlikden başlandy...
Dünýä, saňa akyl ýetiresim, seniň many-mazmunyňy sähraňda açylan güller kimin tiresim geldi. Serimden çeşme-çaýlar towlanyp-tolkunyp akyp geçýän wysallarymy, gökde pelpelläp ganat kakýan asman guşlary kimin tükeniksiz pikirlerimi — pelsepelerimi serimde jemläp, olardan özboluşly paýhas çemenini bogup başladym. Bularyň bary sen hakda, dünýä! Diňle, öz öwreden durmuş tejribeleriňi dogry ulanyp, ýaşaýşyň şerhine dürs düşünmäge synanyşyp bilipdirinmi?!