Säher bilen öwüsýän adaja şemaly ýüzüňe degip, ýaňagyňdan sypap geçende, uludan dem alyp, güýzüň ýakymly howasyndan lezzet alýarsyň. Daş-töweregiňe göz aýlanyňda bolsa, tebigatyň özboluşly gözelligine haýran galýarsyň. Güýz gülleri açylyp gözellik eçilse, ýapraklar birden-ikiden tänip agaçlardan gaçýar. Ýere düşelen sary ýapraklaryň arasyndan jyklaýan güýz gülleri göwnüňi göterýär.
Asuda asmanyň ýüzüni bir-biri bilen ýaryşýan bulutlar tutupdyr. Görseňizläň, parahat asmanymyzyň bezegi bolan guşlar hem bulutlaryň arasynda gizlenpeçek oýnaýan ýaly. Olar ak bulutlaryň eýlesinden-beýlesinden çykyp, mähriban Diýarymyzyň asuda asmanynda erkana uçýarlar. Säheriň ak daňynda hoşowazy bilen dünýämizi bezeýärler. Asmanda hatar gurap barýan durnalar bolsa, geljek ýyl dolanyp, ýene-de güneşli ata Watanymyzda mesgen tutunarlar. Birdenkä-de, bulutlaryň arasyndan altyn tyglaryny bize baka gönükdirip Gün çykar. Enäniň elleriniň ýylysy deýin, nurly şöhlesi kalplarymyza ýylylyk çaýar.