Çaganyň beden we ahlak taýdan ösmeginde, jemgyýetde sazlaşykly ýaşamagynda baş wezipe onda sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemekdir. Ene-atalar çagada şeýle endikleri körpe ýaşdan ösdürmelidirler. Çagalar üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi ukynyň dogry alynmagydyr. Ene-atalar çaganyň günde belli bir wagtda ýatyp, belli bir wagtda ukudan oýanmagyna gözegçilik etmelidirler. Mekdebe çenli ýaşly çagalar günde azyndan on sagat uklamalydyrlar, ýetginjekler üçin bolsa, sekiz sagat uky ýeterlikdir. Çagalykda durnukly tertip-düzgüne eýerenler ulalanlarynda-da öz wagtlaryny dogry meýilnamalaşdyrmaga has gowy çemeleşýärler, ünslerini has gowy jemlemegi başarýarlar, durmuşdaky kynçylyklardan has aňsat baş alyp çykýarlar.
Şeýle hem çaganyň sagdyn ösmegi üçin dogry iýmitlenmegi zerurdyr. Çagalaryň iýmitiniň düzüminde dürli däneli ösümlikler, et we süýt önümleri, peýdaly ýaglar, möwsümleýin gök önümler we miweler bolmaly. Emma şeker, duz, süýjülik önümleriniň we gaýtadan işlenen et önümleriniň sarp edilmegi çäkli bolmalydyr. Çaganyň iýmiti dürli görnüşli bolup, onuň düzüminde köp mukdarda gök önümler we miweler, hepdede bir-iki gezek balyk hem-de nohutdyr noýba ýaly kösükli ösümlikler, şeýle-de hepdede azyndan bir gezek et bolmalydyr. Çaganyň iýmitiniň düzüminde ýeterlik mukdarda ýokumlar bolmalydyr, çünki olar ösüp barýan bedeniň sarp edýän kuwwatynyň öwezini doldurmalydyr.