Limonyň asyl mekany Hindistan hasaplanýar. Şonuň üçin oňa käbir ýurtlarda «hindi almasy» hem diýilýär. Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran bu miwäniň saglyga juda peýdalydygyndan adamlar üç müň ýyl mundan öň hem habarly bolupdyr. Gadymy Müsürde limon şiresini sarymsak bilen garyp, gurbatlandyryjy, immuniteti güýçlendiriji, şäht açyjy içgi hökmünde içipdirler. Müsürliler limony zäherlenmäniň öňüni alyjy iýmit hökmünde peýdalanypdyrlar. Ýylan zäherinden goranmak üçin hem limon iýlipdir.
Grekler limona «altyn alma» diýipdirler, ony iýen adamyň bütin ömründe kesellemeýändigine, uzak ýaşaýandygyna ynanypdyrlar. Gadymy rimliler ilkibaşda limony iýmit, dermanlyk niýeti bilen ulanman, güýeden goranmagyň serişdesi hökmünde peýdalanypdyrlar. Ýakymly ysy üçin ony geýýän geýim-eşikleriniň epininde saklapdyrlar.