Ýaş nesliň kämil ahlakly bolup ýetişmegi türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan baş wezipeleriň biridir. Çagalar baradaky alada, olaryň terbiýesine hemme döwürde-de mukaddeslik hökmünde garalypdyr. Nesil terbiýesinde çagalar baglaryndan başlap orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly işler netijeli durmuşa geçirilýär. Çagalar bagynda körpelere berilýän üns-alada diýseň uludyr. Maşgalada perzent terbiýesi, öý-ojagyň esasy hysyrdysy zenan maşgalanyň gerdenine düşýär. Gyzjagazlarymyzyň edep-terbiýesine ene-mamalarymyz diýseň eserdeňlik bilen çemeleşipdir. Bu barada taryhy çeşmelerimize ýüzlenenimizde-de göz ýetirýärsiň.
Terbiýäniň iň ýagşysy görelde görkezmekdir. Muňa esaslanýan milli terbiýeçilik ýörelgämiz her birimiziň döwletli maşgalamyzda beýanyny tapýar. Maşgalada çagasynyň sagdyn ösüp-ulalmagy, edep-terbiýe almagy üçin ene-ata çagasyna üns-alada bilen garamalydyr. Watanymyzda köp çagaly enelere berilýän ýeňillikler, döwlet tarapyndan maddy goldawyň üpjün edilmegi, eneleriň saglygyny goramak hakda döredilýän şertler, öňdebaryjy zenanlary, köp çaga terbiýeläp ýetişdiren eneleri sylaglamak üçin döredilen döwlet sylaglary, hormatly atlar ajaýyp döwrümizde zenanlara goýulýan hormatdyr. Geljekki nesliň sowatly we ýokary ahlakly bolmagy köp derejede olaryň ata-enelerine hem baglydyr. Çaga dünýä inenden soňra onuň «ilkinji terbiýeçisi» ata-enesi bolýar. Täze nahaly haýsy tarapa ugrukdyrsaň, ol şol boýunça-da ösüp-ulalýandyr. Edil şol kysmy körpejelerimiziň hem terbiýesine eserdeňlik bilen çemeleşilmegi zerurdyr. Olara kiçilikden edep kadalary, öý-hojalyk tikin-çatyn işleri öwredilýär. Bu ýagdaý gyz çagany geljekki durmuşa taýýarlaýar.