Dünýäniň köp şäherlerinde demir ýol menzilleri öz düzüminde, seýilgähleri, haýwanat hem-de ösümlik dünýäsinden ybarat dürli baglary, garbanyşhanalary, ýolagçylaryň lezzetli dynç almaklary üçin beýleki zerur desgalary özünde jemleýän jemgyýetçilik merkezleri bolup hyzmat edýär. Käbir menziller bolsa täsin sungat eseri hökmünde jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Biz hem gazetimiziň şu sanynda ajaýyp binagärlik aýratynlyklaryna eýe bolan, täsin demir ýol menzilleriniň käbiri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.
ROSIU DEMIR ÝOL MENZILI