Yhlasy myrada gowuşýan miweçiler

28 Oktýabr 2024
303

Müň­ler­çe gek­tar tarp ýer­le­ri öz­leş­di­rip, gök-bak­ja ekin­le­ri­ni­dir mi­we­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän hu­su­sy­ýet­çi­ler ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de dag ete­gin­dä­ki aň­ry­sy­na-bä­ri­si­ne göz ýet­me­ýän meý­dan­da ekilen ba­dam agaç­la­ry­nyň ha­tar­la­ry­ny syn­la­nyň­da hem bu ha­ky­kat se­ri­ňe dol­ýar. Mi­we­li bag­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de baý tej­ri­be top­lan «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri bir­nä­çe ýyl bä­ri bu ýer­de ba­dam agaç­la­ry bi­len bir­lik­de, al­ma, ar­myt, hur­ma ýa­ly yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­ly mi­we­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­ýar­lar.

Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ter hem-de dat­ly ta­gam­ly mi­we­le­riň gö­zü­ňi gu­wan­dyr­ýan ha­sy­ly öz işin­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de döw­le­ti­mi­ziň gol­da­wy bi­len sa­tyn al­nan döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň yh­la­sy­nyň my­ra­dy­na go­wuş­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne uzak möh­let­le­ýin esas­da bö­lü­nip ber­len ýer­ler­de mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­ýän «Hem­sa­ýa», «Gök bu­lut», «Mi­we­li atyz», «Dat­ly mi­we» ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri gir­ýär. Bu ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri­niň ekin ýer­le­ri­ni su­war­mak­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan dam­ja­la­ýyn ul­gam peý­da­la­ny­lyp, iş­le­riň gi­di­şi­ne san­ly ul­gam ar­ka­ly gö­zeg­çi­lik ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň oba ho­ja­ly­gy­ny dur­nuk­ly ös­dür­mek hem-de azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we bu ugur­da yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ar­ka­ly suw­dan peý­da­lan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da öň­de goý­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň anyk my­sa­ly­dyr.

Ah­met GEL­DI­ÝEW,
«Wa­tan».
Beýleki habarlar