Milli terbiýe – görelde mekdebi

22 Oktýabr 2024
254

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyz-dan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Zähmet adamy bagta ýetirýär. Her bir ynsan ýaşlykdan haýsydyr bir kesp-käri saýlaýar. Bilşimiz ýaly, islendik hünäre ýaşlykdan başlanylsa, hem-ä çalt öwrenmäge, hem-de ökde, ussat hünärmen bolup ýetişmäge ýardam berýär. Ýaş nahalyň berk we göni, owadan, gelşikli, saýaly, miweli bag bolup ýetişmegi üçin ekilen gününden başlap, oňa ideg etmeli. Şonuň üçin hem ýaşlara ene-atalar we mugallymlar oňat görelde görkezmeli, milli terbiýäniň ýörelgelerinden peýdalanmaly. Milli terbiýede görelde mekdebi esasy orunda durýar. Bu ilkinji nobatda ýaşlaryň görýän zadyny tiz alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem zähmet çekmekde, bilim almakda, kitap okamakda görelde bolmak zerurdyr. Durmuşda belli bir hünäriň, käriň eýesi bolmak üçin yhlasyň, üşügiň, zehiniň, ynamyň, maksada okgunlylygyň, tutanýerliligiň, zähmetiň gerekligi ikuçsuzdyr.

Aýgül ABDYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar