Sähra goýnundaky geňlik (Hekaýa)

25 Oktýabr 2024
363

Bekmyrat çopan agtygy Durda Böwseriň güjügini bermedi. Gynanmakdan ýaňa gözüne ýaş aýlap, egnini gysan agtygynyň başyny sypalap, şeýle diýdi:

— Giň sährada doglan güjük dar oba sygmaz, köşegim! Bilýänem dälsiň, «Köpek selkildisi» diýlen gaty gadymlardan galan aýtgyny. Beýle diýildigi bu janawarlaryň gezim ýerleri giň bolmaly. Howly näçe giňem bolsa, aňyrsy görünmeýän sähra ýaly däldir, it janawar aýagynyň ýelini alybilmez. Ýene bir sebäbinem aýdaýyn. Bu güjüjegi äkidersiňem, baransoň hamraklyk edip, süýdem berersiň, çöregem. Iýşine guwanyp, etmidir süňkem gysganmarsyň. Onsoň muňky «Itiň aýagyna düşüpdir» diýleni bolar. Beýle bolanda, ýaş wagty aşa semrän güjügiň itlige ýetmänkä injikleri ýognaýar. Ulalansoňam derde ýaramaýar. Bu janawarlary güjüklikden edil berhiz derejesinde naharlamaly. Şol bozulsa, bular möjek bilen çeýneşip bilmez, çyňsap, guýrugyny ýamzyna gysar durar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar