Bir günüň dowamynda okaýan, eşidýän, diňleýän we diýýän sözlerimiziň mukdary näçeräkdir öýdýärsiňiz? Her kimiň düşünjesine, pikir ýöredişine hem-de zähmet we ýaşaýyş gurşawyna görä tapawut etjek bu ýagdaýlarda ortaça hasaby çykarmagam ýeňil düşmese gerek. Muňa garamazdan, ýüzlerçe, belki, müňlerçe sözleriň arasyndan belli-belli jümleler ençeme günler oý-pikirlerimiziň törüni eýeleýär durýar. Megerem, daş-töweregimizde bolýan wakalaryň, gyzykly pursatlaryň şol sözler bilen berk baglanyşygy ýa-da bir meňzeşligi bar bolmaly. Ýa-da kähalatda bir sözüň ýa-da sözlemiň aňyňda dynuwsyz gaýtalanyp durmagy, hut şoňa kybap ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boljaklygyň buşlugyna hem ýorulýar.
Şeýle pikirlenmeler ýöne ýerden döremedi. Paýtagtymyzda geçirilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň» möhüm taryhy-syýasy wakasyna öwrülen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy ― parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «dabarasy daglar aşan, çawy yklymlara düşen» diýilýän derejä doly mynasyp boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu foruma dünýä ýurtlarynyň 24-sinden myhman gelip, oňa 9 ýurduň döwlet Baştutany derejesindäki wekiliýetler, iri halkara guramalarynyň 8-siniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Forumyň guramaçylyk aýratynlygyny, geçirilişini, ähmiýetini ýaýmak üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragy paýtagtymyzda düşledi. Tutumy uly, gerimi giň forumyň täsiriniň ýaýrawy-da juda tapawutly bolýar.