Mel­hem­ler ha­zy­na­sy

25 Oktýabr 2024
358

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli ýiti zehininden dörän dürdäne eserlerini, ajaýyp kitaplaryny halkymyza peşgeş berýär. Alym Arkadagymyzyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildi hem şeýle kitaplaryň biri hökmünde diňe bir lukmanlara däl, eýsem, ähli halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň nobatdaky jildinde Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Onda dermanlyk ösümlikleriň onlarça görnüşiniň, olaryň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Beýleki habarlar