Dzýudony esaslandyran söweş sungatynyň ýaponiýaly ussady, 1860 — 1938-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Dzigoro Kanodyr. Geň ýeri, ol çagalykda igli hem ýygra bolup, deň-duşlary köplenç onuň üstünden güler ekenler. Dzigoro Kano 17 ýaşynda jiu-jitsu bilen meşgullanyp başlaýar, 22 ýaşynda bolsa kiçiräk mekdep açyp, onda jiu-jitsunyň täze görnüşi boýunça şägirtlerine tälim berip ugraýar. Şol esasdan hem, 1882-nji ýyl dzýudonyň dörän ýyly diýlip yglan edilendir.
«Dzýudo» sözi ýapon dilinden sözme-söz terjime edeniňde, «ýumşak ýol» diýen manyny aňladýar. Ýapon söweş sungatynyň beýleki görnüşleri ýaly, dzýudony hemra edinmäge höwesekleriň sany-da ýyl-ýyldan artýar. Häzirki wagtda dünýäde dzýudo bilen 30 milliona golaý adam meşgullanýar. Ýaponiýada bolsa sportuň bu görnüşi 1907-nji ýyldan başlap umumybilim berýän mekdepleriň maksatnamasyna hem girizildi.