Maldarlaryň sazlaşykly işleri

25 Oktýabr 2024
337

Mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýän welaýatymyzyň maldarlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dowarlardan owlak-guzynyň 169 müň 900-e golaýyny alyp, bu babatdaky meýilnamalaryny 101,5 göterim ýerine ýetirdiler. Olar gyş üçin ot-iým ätiýaçlygyny döretmek işine hem turuwbaşdan uly ähmiýet berip gelýärler. Zähmetsöýer ot-iým taýýarlaýjylar ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýerlerde dänelik we siloslyk mekgejöwen, şeýle-de ýorunja ýetişdirmek bilen, ony wagtynda ýygnap aldylar.

Taýýarlanýan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamakda hem sazlaşykly tagalla edilýär. Bu işiň jogapkärçiligine oňat düşünýän maldarlar şu möwsümde samanyň hem belli bir mukdaryny taýýarlap, olary talabalaýyk saklanmagyny gazanýarlar. Ýeterlik mukdardaky ätiýaçlyk ot-iým üpjünligi gyş aýlarynda mallary dok saklamagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar