Serpaý (Ermeni tymsaly)

24 Oktýabr 2024
372

Uly şäheriň häkimi özüne köşk saldyrypdyr. Ajaýyp ymarat taýýar bolansoň, ol şeýle gözelligi döretmäge zähmet siňdirenleri sylaglapdyr. Şonda näme üçindir, beýlekilere görä demirçi ussa has köp serpaý ýapypdyr. Muňa agaç ussalary, kerpiç örüjiler öz ýanlaryndan nägile bolupdyrlar. Olaryň gürrüňlerini diňlänleriň ählisi diýen ýaly demirçi ussanyň artykmaç sarpalanmagyndan nägiledigini aýdypdyrlar. Hatda daýhandyr çörek bişirýänlere çenli köşgüň gurluşygyna öz goşantlaryny goşandyklaryny, ýöne serpaýdan hiç hili paý ýetmändigini aýdyp, başlaryny ýaýkapdyrlar.

Gürrüň ulalyp-ulalyp, häkimiň gulagyna ýetýär. Özi-de paýhasdan ýeterlik paýly bolansoň, ol köşgüň gurluşygyna dahylly hasaplan kärleriniň hersinden bir wekili, şonuň ýaly-da akyldar emeldarlaryny köşgüne ýygnaýar. Ol akyldarlara bolan ýagdaýy mälim edip, özüniň demirçi ussa has artyk serpaý ýapmagynyň dogrudygyny-nädogrudygyny anyklamagy tabşyrýar.

Rus dilinden terjime eden Gunça ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar