Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak bilen baglanyşykly Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport toplumlarynyň, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýedir. Bu düzümler bilen birlikde köpýyllyk hyzmatdaşlyk esasynda ýokanç we ýokanç däl kesellere, çilimkeşlige garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmek, saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ylmy-amaly maslahatlary, okuw maslahatlaryny, saglygy goraýşyň derwaýys meseleleri boýunça duşuşyklary guramak ýaly giň ugurlar boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.