Bagtyýar geljege barýan ösüşli menziller

23 Oktýabr 2024
309

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä ýüzünde parahatçylygyň,  ynanyşmagyň, asudalygyň, dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Şeýle buýsançly hakykatyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleri durýar. Agzybir, zähmetsöýer halkymyz bu ýörelgelere eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşleri gazanýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli geljegi, bagtyýar durmuşy ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň şirin miwelerine bu gün raýatlaryň her biri öz durmuşynyň mysalynda aýdyň göz ýetirýär.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler sanardan köp. Ösüşleriň, özgerişlikleriň belent sepgitlerine çykýan ata Watanymyzda munuň, hakykatdanam, şeýledigini her ädimde aýdyň görýäris. Röwşen geljegimiz bolan ýaşlar barada uly alada edilip, ýaş nesilleriň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ojaklarynda bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ylmyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýyny, mertebesini beýgeltmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar.

Amangylyç GULDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar