Dünýäde meşhur milli gymmatlygymyz

23 Oktýabr 2024
330

Türkmen alabaýynyň baýramyna

Merdana halkymyz her döwürde-de ýagşylyga gol beren, haýryň, hakykatyň tarapdary, agzybirligiň we abadançylygyň nuruny gursagynda göteren millet hökmünde tanalypdyr. Onuň döreden milli gymmatlyklary hem edil öz kalby ýaly päkize, sungat derejesinde kämildir. Şonuň üçin milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, nurana geljegimiz bolan ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň asylly häsiýetlerini özünde jemläp, edil adam ýaly diýdirmegi başarýan alabaýlarymyz şeýle gymmatlyklaryň biridir, taryhy mirasymyzyň bir bölegidir. «Merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar