Pyýala saz guraly

23 Oktýabr 2024
316

Türkmenlerde käsede saz çalmak däpleri öz köklerini juda gadymdan alyp gaýdypdyr. Ol barada türkmen topragynda ýazylan orta asyr ylmy çeşmelerinde bellenilýär. Olarda bellenilişi ýaly, pyýala saz guraly ansambl, orkestr saz guraly hökmünde belli bolup, ol beýleki kirişli, üflenip, kakylyp çalynýan saz gurallary bilen birlikde çalnypdyr. Türkmeniň «Pyýala» sazy we saz guraly halkymyzyň dürli närselerden ýakymly owaz döredip bilendigini tassyklaýar.

Türkmen «Pyýala» sazyny ýerine ýetirmek üçin kakylanda çykarýan owazy yzygiderli ses belentligine eýe bolan 9-dan 14-e çenli dürli käseler saýlanyp alnypdyr. Şeýle käseleriň sesleriniň çäginde ençeme türkmen halk heňlerini ýerine ýetirip bolýar. Häzirki döwürde käbir folklor saz toparlarynyň çykyşlarynda türkmeniň gadymy pyýala saz guralynyň özboluşly ýakymly owazy ýaňlanýar.

Lälezar ÖWEZOWA,
Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar