Gadymy topragyň gudraty

23 Oktýabr 2024
337

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilip geçilýär. Munuň özi türkmen alabaýlarynyň milli buýsanjymyz, gymmatlygymyz we mirasymyz hökmünde sarpalanýandygynyň kepilidir. Wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, akyllylygy, eýesiniň sesini eşidenden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr.

«Türkmen alabaý itleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, olary gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmekde  uly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda türkmen alabaýlarynyň döwrebap merkezleri gurlup ulanmaga berildi.

Toýguly ISAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar