Sagdynlygyň tükeniksiz çeşmesi

23 Oktýabr 2024
403

Güýz paslynda tebigatyň gymmatly nygmaty bolan kädi köpçülikleýin bişip ýetişýär. Ajaýyp tagamly bu önüm diňe bir iýmitlenmekde däl, eýsem, saglygy goramakda-da giňden peýdalanylýar.

Kädi antioksidantlaryň, ýokumlaryň, minerallaryň we beýleki gymmatly maddalaryň baý çeşmesi bolup, onuň saglyga ýetirýän oňyn täsirleri sanardan köp. Ol öz düzüminde A we C ýokumlaryny saklaýar. Şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we bedeniň dürli ýokançlara garşy göreşmegini güýçlendirýär. Onuň düzüminde bar bolan kaliý we magniý gan basyşyny kadalaşdyryp, ýüregiň işini berkidýär. Kädi süýji keselinden ejir çekýän adamlar üçin hem peýdalydyr. Çünki onuň düzümi kletçatka baý bolup, ganda şekeriň derejesini kadalaşdyrýar.

Güllala JOŞGUNOWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar