Orta asyr ýazuw çeşmelerinde Etrek derýasynyň aşak akymlary «Dehistan» diýlip atlandyrylýar. «Dehistan» pars sözi bolup, ol töweregine birnäçe obany birleşdirýän merkez diýen manyny aňladýar. Orta asyrlarda Etrek derýasynyň aşak akymynda ýerleşen oturymly ekerançylyk obalarynyň merkezi hem biziň gürrüňini edýän şäherimiz Dehistan bolupdyr. Ol Etrek etrabyndan 90 kilometr demirgazykda ýerleşýär.
Ýerli ilat Etrek derýasynyň aşak akymyndaky ýerleri Misserian çöllügi ýa-da düzlügi diýip atlandyrýar. Dehistan geçmişde ýokary medeniýetli, mes toprakly, bol suwly mesgen bolupdyr.