Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pelsepewi pikirleri, pähim-paýhaslary üstünden üç asyryň geçendigine garamazdan, gadyr-gymmatyny, döwrebaplygyny we terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmän gelýär. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda türkmeniň halky dili iň kämil görnüşde çeper beýan edilip, adamy bezeýän häsiýetler, halky jebisleşdirýän ýol-ýörelgeler, ýurduň kuwwatyny berkidýän sütünler barada söz açylýar.
Çeper söz ussady halkyň ýürek islegini, taryhy wakalary we rowaýatlary örän gysga setirlerde, çuňňur manyly röwüşde beýan etmek bilen, okyjylar köpçüliginiň kalbynda öçmejek yz goýdy. Akyldar şahyrymyzyň goşgy setirleriniň aglabasy halkymyzyň arasynda dilden-dile geçip gelýän nakyllary ýadyňa salýar. «Ýerini bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez», «Ýagşy oguldan rehmet arygy akar, näletkerde ogul dogdy dogmady», «Uzak il içinde gezmez ýalan söz, ýaman niýet bilen uzaga gitmez» diýen nakyldyr atalar sözüne kybapdaş jümleler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.