Zeminiň kiçeldilen nusgasy hasaplanylýan globusyň ýurtlary, deňiz-derýalary, dag-düzleri... öwrenmekde belli bir bahasy ýokdur. Eýsem-de, latynça «şar» diýmegi aňladýan globusyň döreýiş taryhy hem köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.
Häzirki günlere gelip ýeten iň gadymy globus 1459-1507-nji ýyllarda ýaşap geçen nemes matematigi, geografy we jahankeşdesi Martin Behaým tarapyndan 1492-nji ýylda ýasalan globusdyr. Ol bu globusy göläniň derisini gaty çekdirip, beýikli-pesli metala berkidip ýasapdyr. Häzirki wagtda Germaniýanyň Nýurnberg şäherindäki muzeýde saklanylýan bu globus «Ýeriň almasy» diýlip atlandyrylyp, onuň diametri 54 santimetre barabardyr.