Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

20 Oktýabr 2024
586

Zähmet endiklerini kemala getirmek

Umumybilim berýän orta mekdeplerde döredilen gurnaklaryň okuwçy gyzlar üçin uly ähmiýeti bardyr. Gurnaklarda okuwçy gyzlara el işlerini öwretmek, aşhana işleri — dürli tagamlary taýýarlamak bilen bagly düzgünler, arassaçylyk kadalary düşündirilýär. El işleri bilen baglanyşykly okuwçy gyzlarymyza keşde çekmek, haly dokamak, jorap örmek, kürte bejermek ýaly çylşyrymly işleriň inçe ýollary öwredilýär. El işleri taýýarlananda keşdelere salynýan gadymy nagyşlaryň döwrebap nusgalaryna täze öwüşgin berlip döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa nagyşlary has-da gözel görnüşe getirýär.

Beýleki habarlar