Garaşsyzlyk — halkyň bagtyýarlygy

19 Oktýabr 2024
309

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele gelip, türkmen halkyna müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda pajarlap ösýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeldilýär.

Täçmyrat GARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar