Uzak ýaşamagyň syry

19 Oktýabr 2024
433

Sagdyn hem uzak ýaşamagy her bir ynsan arzuw edýär. Gadym döwürlerden bäri adamlar onuň syryny öwrenmäge çalyşýarlar. Köp lukmanlar, alymlar bu barada dürli pikirleri öňe sürýärler. Saglygyňy goramak, uzak ýaşamak barada ýazmadyk şahyr, akyldar ýok diýsek ýalňyş bolmaz. Umuman aýdanyňda, sagdyn hem uzak ýaşamak üçin, esasan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigi düşnükli. Bu babatda, adamyň edep-terbiýesiniň, häsiýetiniň, gündelik durmuş endikleriniň, ykbalynyň hem uly täsir ýetirýändigine düşünmek kyn däl.

Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bilelikde, Türkmenistanda hem uzak ýaşaýan ynsanlar köp. Ynha, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallara syn etseň, uzak ýaşly ildeşlerimiz barada yzygiderli guwançly gürrüňler edilýär. Olaryň uzak ýaşamagyň syrlary baradaky gürrüňleri okyjylara ýetirilýär. Geliň, olaryň käbiriniň gürrüňleri bilen tanşalyň.

Annamyrat AKYÝEW.
«Saglyk».
Beýleki habarlar