Suw adam, şol sanda çaga bedeniniň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişdeleriň biridir. Suwsuz ýaşaýyş mümkin däldir. Çaga bedeni suw we suw çalşygy babatda, ulularyňkydan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olar, esasan-da, şular: çaga bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat, şeýle-de çaga, näçe ýaş bolsa, şonça-da bedeniniň köp bölegi suwdan durýar.
Çaga bedeninde suw molekulalary uzak saklanmaýar, ýagny olar ortaça 4-5 gün saklanýar, şol bir wagtyň özünde uly adamlaryň bedeninde suw molekulasy 10-15 gün saklanýar. Bu aýratynlyklar çaga bedeninde suw çalşygynyň has çalt geçýändigini alamatlandyrýar, netijede bolsa, bu babatda islendik bozulmalaryň, ýagny bedende suwuň ýetmezçiliginiň ýa-da onuň artykmaçlygynyň agyr ýagdaýa getirýändigini görkezýär.