Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli möhüm başlangyçlar öňe sürlüp, geljek üçin täze wezipeler kesgitlenildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip nygtaýar. Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar» ýaly pähimler hem bar. Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütler il alkyşy, halk goldawy bilen ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berýär.