Bagtyýar ýaşlaryň hemrasy

19 Oktýabr 2024
305

Sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda her bir adamyň, aýratyn-da, ýaş nesliň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda giň şertler döredilýär. Ynsanyň beden hem ruhy taýdan kämilligi bedenterbiýe we sport bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hakynda edýän yzygiderli aladalarynyň netijesinde geljegi röwşen nesiller uly üstünlikleri gazanýarlar. Şeýle tagallalardan göwünleri galkynýan türkmen ýaşlary ylym-bilim, sport we döredijilik bilen meşgullanyp, täze sepgitlere ýetýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýen sözlerinden ruhlanýan türkmen ýaşlary sporty we bedenterbiýäni durmuş hemrasyna öwürýärler.

Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar