“Gara altynyň” täze ýatagy

19 Oktýabr 2024
336

Golaýda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Uzynada» käninde «Türkmennebit» döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirligi tarapyndan ýene-de bir çuň guýy burawlanyp işe girizildi. 80-nji belgili täze guýynyň çuňlugy 6720 metr bolup, ol bir gije-gündiziň dowamynda 70 tonnadan gowrak senagat derejeli nebitkondensat akymyny almaga mümkinçilik berýär.

«Uzynada» käni 2017-nji ýylda sebitde ilkinji gezek taslama çuňlugy 7150 metr bolan gözleg guýusynyň burawlaýyş işleri tamamlanyp, ondan senagat derejeli gaz kondensatynyň uly akymynyň alynmagy bilen ulanyşa girizilipdi. 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz «Uzynada» meýdançasyna gelip, bu ýerdäki hem-de «Demirgazyk Goturdepe» ýatagyndaky alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Milli Liderimiz şol gezekki iş saparynda bu ýerde geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Täze guýynyň açylmagy ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar