Sanjymlar ― saglygyň girewi

18 Oktýabr 2024
379

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanjym etmekde ägirt uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu bolsa immunizasiýanyň derejesini ýokarlandyryp, ynsan saglygyny goramakda möhüm ädimdir.

Etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan 9 ýaşly oglan-gyzlara adamyň papilloma wirusyna garşy ýörite meýilnama laýyklykda sanjymlary üstünlikli amala aşyrdyk. Bu sanjym arasy 6 aýdan iki sapar mugt görnüşinde geçirilýär. Ýeri gelende, 2016-njy ýylda bu sanjymyň ýörite meýilnama girizilendigini belläp geçmek möhümdir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyndan maslahat berlişi ýaly, bu sanjym bedeniň papilloma ýokanjyna garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ol rekombinant tehnologiýasy esasynda taýýarlanylýar we adam üçin zyýansyzdyr.

Gülzada HAÝTYÝEWA,
Saýat etrap hassahanasynyň immunolog lukmany.
Beýleki habarlar