«Monuments» ady bilen dünýä belli bolan welosport boýunça bir günlük ýol ýaryşynyň soňky, 5-nji bäsleşiginde – «Giro di Lombardia»-da (Italiýa) sloweniýaly Tadeý Pogaçar ýeňiş gazandy. Ol 255 kilometrlik ýaryşy 6 sagat 4 minut 58 sekuntda tamamlamagy başardy. 118-nji gezek geçirilen ýaryşyň soňky 48 kilometrinde öňe saýlanan «UAE Team Emirates» toparynyň türgeni bassyr 4-nji gezek çempionlyk gazandy. Şeýlelikde, Pogaçar 75 ýyllyk rekordy täzeläp, italiýaly Fausto Koppiden soň «Giro di Lombardia»-da yzly-yzyna 4 çempionlyk gazanan 2-nji türgen boldy. 26 ýaşyndaky Pogaçar bu bäsleşikde Fausto Koppiden (1946-47-48-49, 1954) hem-de Alfredo Bindadan (1925-26-27, 1931) soň 4 çempionlyk gazanan 3-nji welosportçy hökmünde hasaba alyndy.
Ýaryşda Pogaçardan 3 minut 16 sekunt yza galan belgiýaly Remko Ewenepoel («Soudal–Quick-Step») 2-nji, 4 minut 31 sekunt soň pellehana gelen Julio Çiççone («Lidl-Trek») 3-nji orny eýeledi.