Innowasiýalar — jemgyýetçilik ösüşinde täze ugur

18 Oktýabr 2024
327

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähli ugurlar bilen birlikde, ykdysady we durmuş gurşawyna innowasiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem aýratyn üns merkezinde boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan wezipeler, maýa goýum syýasatynyň netijeliligi, döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň işi bilen bagly meselelere garap: «Ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy» diýmek bilen, ösüşiň täze nusgasyny amal etmegiň kesgitleýji ugurlaryny — innowasion ösüşi we hususy pudagyň işewürligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, esasan, innowasion ösüşiň esasyny düzýän intellektual eýeçiligiň jemgyýetdäki ornunyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilýär. Innowasion ösüş täze tehnologiýalar, hyzmatlaryň görnüşi, önümler, önümçilik, administratiw, maliýe we beýleki guramaçylyk-tehniki çözgütler arkaly gazanylýar. Innowasiýalar kärhananyň maliýe taýdan kuwwatlanmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Olar ykdysady herekete üýtgeşmeleri girizip, ykdysady deňagramlylygy täzeleýär. Olaryň döwlet we hususyýetçiler tarapyndan yzygiderli önümçilige hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşe, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.
Beýleki habarlar