Diýarymyzyň çar künjegindäki taryhy ýerler dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň üns merkezinde. Ömrüni şu topragyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlan alymlaryň hatarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, onuň ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary halkymyza ýakyndan tanyşdyr. Olaryň gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyndepäniň syrlaryny dünýä ýaýmakdaky hyzmatlary uludyr.
Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy W.M.Masson 1950-nji ýylda Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa bölümini tamamlaýar. 1962-nji ýylda «Orta Aziýanyň iň gadymy geçmişi» diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goran alym dünýäniň dürli ýurtlarynda neşir edilen 32 monografiýanyň we 500-den gowrak ylmy makalanyň awtorydyr. Onuň Türkmenistanyň ýadygärliklerine bagyşlanan «Margiananyň gadymy ekerançylyk medeniýeti» (1959), «Altyndepedäki 1969-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleri» (1970), «Jeýtun medeniýeti» (1971), «Garagum: siwilizasiýalaryň daň şapagy» (1972), «Altyndepe» (1981), «Gadymy Nusaý — Parfiýa patyşalarynyň mekany» (1985), «Merw — Margiananyň paýtagty» (1991) ýaly işleri dünýä ylmynyň öňe gitmegine uly täsirini ýetirdi. W.M.Massonyň «Bürünç eýýamynyň Orta Aziýa terrakotalary», «Gündogar halklarynyň medeniýeti» ýaly işlerini belli alym W.I.Sarianidi bilen bilelikde ýazandygy hem olaryň bu gadymy topragyň baýlyklary babatda pikirdeş bolandyklaryndan habar berýär.