Möwsümleýin ýiti respirator keseller ýokanç bolup, adamda gyzgynyň ýokary galmagy, kellagyry, beden-bogun agyrylary, ysgynsyzlyk, üsgülewik, burun dykylma, bokurdagyň gysylmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Töweregiňdäkilere ýokuşdyrmazlyk üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin näsag aýry otagda bolmaly.
Näsag tiz-tizden gyzgyn çaý we derman otlaryndan taýýarlanan içgileri içmeli.