Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ählisinde ornaşdyrylýan döwrebap enjamlar bu maksatlara hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy lukmançylyk edaralaryna we näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly, bu ugurda oňyn işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň asylly başlangyçlarydyr tagallalarynyň türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň esasynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.