Milli fitoterapiýanyň ylmy esaslary
Halk tebipçiliginde möhüm ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanylýandygyny bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky jildiniň neşir edilmegi ähli ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy eserinde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, halk lukmançylygynda ony giňden ulanmagyň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.