Ykdysady syýasatyň rowaçlygy

16 Oktýabr 2024
341

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary ýadymyzdan çykmajak ýakymly täsirleri bilen ýurdumyzda belent ruhy ýokary göterişligi döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygy bilen ösüşlerimiziň depgini has ýokarlanyp ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli ykdysadyýetimiz her bir döwürdäkisinden hem tapawutly ösüşlere eýe bolýar. Adam başyna düşýän girdejiniň, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesi; ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy; ykdysady özgertmeleriň işjeň depgini; dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk ykdysady ösüşleriň esasy aýratynlyklaryny düzýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagy hem hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň rowaçlygyna şaýatlyk edýär.

Bahadur ŞADYÝEW,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň galla agronomy,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar